Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ärdogan: “Rezolýusiýadan zyýan çekjek Türkiýe bolmaz”


Türkiýänyň premýer-ministri Rejep Taýyp Ärdogan ermenleriň “genosidi” baradaky rezolýusiýa bilen bagly meseläniň Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklara ýaramaz täsir etjekdigini 6-njy martda ýene bir gezek aýtdy.

Bu barada jenap Ärdogan türk telekeçileriniň sammitinde eden çykyşynda nygtady.

“Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetinde ermen genosidi baradaky rezolýusiýanyň kabul edilmegi, Türkiýä zyýan ýetirmän, ikitaraplaýyn gatnaşyklara, özara bähbitlere hem-de planlara zeper ýetirer. Şonda zyýan çekjek tarap Türkiýe bolmaz” diýip, Ärdogan belledi.

Häzir bu resolýusiýany ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda ses berişlige goýup-goýmazlyk barada geňeşilýär diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG