Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň öňki wise-prezidenti tussag edildi


Eýranyň öňki wise-prezidenti Hüseýin Maraşi 2009-njy ýylda geçirilen saýlawlardan soň ýüze çykan dartgynlykda ilat arasynda myş-myş ýaýradanlykda aýyplanyp, bir ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýlip, habar berilýär.

Oppozision habar çeşmeleri, ýarym resmi Fars habar agentligi we ady agzalýan ýolbaşçynyň garyndaşlaryndan biri, Maraşiniň 18-nji martda tussag edilenligini habar berdi.

Suduň çarşenbe güni çykaran karary Maraşiniň syýasy hereketlere gatnaşmagyny gadagan edýär. Ol häzirki döwürde Eýranyň “Ösüş partiýasynyň” merkezi komitetiniň agzasydyr.

2009-njy ýyllyň iýun aýynda geçirilen saýlawlarda Ahmedinejat ýeňiş gazanypdy, emma oppozision partiýalar ses berişliklerde galplyklara ýol berlenligini aýdyarlar.
XS
SM
MD
LG