Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Täjigistanda Nowruz dabaralaryna gatnaşdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmonyň doglan obasy Dangarada geçirilen Nowruz dabaralaryna gatnaşdy.

Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň habarçysynyň maglumatyna görä, bu dabaralara iki ýurduň prezidenti bilen bir hatarda on müň töweregi ilat gatnaşypdyr.

Bu aýdym-sazly dabarada iki ýurduň prezidenti çykyş edip, Nowruzyň ähmiýeti barada gürrüň etdiler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün Türkmenistana yzyna dolanmagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG