Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Profsoýuzlar - Kärdeşler arkalaşyklaryna öwrüldi


Profsoýuzlar diýlende näme göz öňüne gelýär? Hut daşary ýurtlardaky ýaly, işçileri köpçülikleýin işden çykarjak bolanlarynda, kimdir birini bikanun ýagdaýda kemsidenlerinde gaýa ýaly bolup, göwne degilýänleriň arkasynda durýan gurama göz öňüňe gelýär.

Daşary ýurtlarda profsoýuzlar halkyň, işçileriň bähbidini arap, köpçülikleýin ýörişler, mitngler guraýarlar. Köplenç halatda-da olar öz maksatlaryna ýetýärlerem. Profsoýuzlaryň haýyrly işlerini näçe sanasaň, sanap oturmaly.

Sowet soýuzy döwründe profsoýuzlaryň işlerine köp kişiniň göwni ýetmedik bolardy. Sebäbi olaryň roly, güýji pesdi. Ol döwürde kompartiýa agalyk edýärdi. Şeýle-de bolsa, profsoýuzlar-da bolşuna görä işleýärdi, hereket edýärdi. Edaradyr kärhanalarda profsoýuz ýygnaklary yzygiderli geçirilýärdi, dürli meselelere garalýardy. Hasabat-saýlaw ýygnaklary has-da gyzykly geçýärdi. Profsoýuz guramasynyň, komitetiniň başlyklary sesleriň köplügi bilen saýlanýardy.

Ujypsyz görnerdi, emma...

Şol ýyllar profsoýuzlaryň edýän işleri ujypsyz görnerdi. Indi-indi oýlanyp görýärsiň welin, türkmen profsoýuzlaryna seredeniňde öňki döwrüň profsoýuzlaryny dagy toýlaýmaly eken. Şol döwürde profsoýuzyň iň gowy edýän işi halka jaý paýlamakdy. Edaradyr kärhanalarda, guramalarda, ministrliklerde profsoýuzyň üsti bilen jaý nobatyna ýazylardylar. Bäş-alty ýylyň içinde jaýam alardylar.

Pisunda, Ýalta, Krym, Soçi… ýaly kurortlara-da profsoýuzlar ýarym baha bilen putýowka berýärdiler. Dürli ýerlere - tebigata, kinoteatrlara, teatrlara mugtuna gezelençler guraýardylar, baýramçylyklar, doglan günler bilen baglanyşykly oturylyşyklary geçirýärdiler. Çagalar üçin Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlaýardylar. Haýsydyr bir ýolbaşçy işgäriniň göwnüne degäýen ýagdaýda profsoýuz guramasy tarapyndan derrew ýygnak geçirilip, göwne degleniň arkasy tutulardy, onuň işi düzedilerdi.

Goly ýukaraklara, pul kömegine mätäçlere häli-şindi pul kömegi berlerdi. Hatda profsoýuz gatyrak giden edaradyr-kärhanalaryň ýolbaşçylaryny öz ýygnagyna salyp, işdenem çykaryp bilýärdi.

Profsoýuzlaryň şeýle hereketleri-de az görlüpdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda profsoýuzlaryň ady üýtgäp, ol kärdeşler arkalaşygy guramasyna öwrüldi.

Profsoýuzlar indi oňki ýaly işlemeýärler. Jaý paýlamak, putýowka bermek, kömek puluny bermek öňki profsoýuzlaryň ady bilen bakyýete gitdi. Edaradyr-kärhanalardaky dürli çäreler bilen baglanyşykly oturylyşyklaram gün-günden unudylyp barýar. Bu gurama indi işden bikanun kowulýanlary-da gorap bilenok.

Mary welaýatynda

Mary welaýatynda hem jaýsyzlaryň, işsizleriň, dürli bahanalar bilen dürli kärdäki adamlaryň işsiz goýlanlarynyň bäri-aňyrsy ýok. Kärdeşler arkalaşygy, ýagny, profsoýuz bir milliondan gowrak ilaty bolan bu welaýatyň adamlarynyň problemalaryny çözmäge hiç hili kömek edip bilmeýär. Mary profsoýuzlary garaz, nämedir bir zatjagaz edenem bolýar. Aram-aram, belli bir tema gönükdirip, konkurslar, (aýdym-saza, sporta degişli we ş.m.) ýygnaklar geçirýär. Şular ýaly, ýeňil-ýelpaý çäreler. Emma welin, guramanyň düýpli zatlara ygtyýary ýok.

Edaradyr-kärhanalaryň işgärleriniň ýakyn hossarlary dünýäden gaýtsa, olara sähelçe kömek pul berilýär. Munuň üçin bir topar sprawka talap edilýär. Kömek puly almaly kişi özüne kömek berilmegini haýyş edip, profsoýuza arza bilen ýüz tutmaly. Puly aljak köplenç halatda öz mertebesini peseltmeli bolýar. Şonuň üçin köp kişi beýle kömek puly almadan ýüz öwürýär.

Adyndan çen tutsaň, kärdeşler arkalaşygy guramasy - profsoýuzlar iň aktiw jemgyýetçilik guramasy bolmaly. Ýöne Mary welaýatynyň profsoýuzlary-ha 1991-nji ýyldan bäri iň agyr kesele ýolugan hassa diýsek, sözümiz ýalan bolmasa gerek. Bu hassanyň özi kömege mätäç. Şeýle halda ol nädip ile hossar çyksyn?!

Rozymyrat Ödäýew türkmenistanly synçynyň edebi lakamy. Şu blogda öňe sürlen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG