Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Netanýahu: “Iýerusalim Ysraýylyň paýtagtynyň bir bölegi”


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bilen ýapyk gapylaryň aňyrsyndaky gepleşiklere başlady.

Ysraýylyň premýer-ministri ABŞ-nyň prezidenti bilen duşuşmagynyň öňüsyrasy 22-nji martda eden çykyşynda, Gündogar Iýerusalimde Ysraýylyň ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga hakynyň bardygyny aýtdy.

“Ýewreý halky Iýerusalimi 3 müň ýyl mundan ozal gurýardy. Ýewreý halky häzir hem Iýerisalimiň gurluşygyny dowam etdirýär” diýip, Benýamin Netanýahu Iýerusalimiň Ysraýylyň paýtagtynyň bir bölegidigini sözüne goşdy.

22-nji martda Waşingtonda ABŞ-da Ysraýylyň bahbitlerini öňe sürýän toparyň öňünde eden çykyşynda, premýer-ministr Benýamin Netanýahu parahatçylyk babatda palestinalylar bilen iki arada gol çekiljek ylalaşyklaryň hemmesinde Iýerusalimiň Ysraýylyň bir bölegi bolup galjakdygyny nygtady.

22-nji martda geçirilen şol duşuşykda çykyş eden ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton Gündogar Iýerusalimdäki gurluşyklaryň bu regionda parahatçylygy ornaşdyrmak meselesine uly böwet bolýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG