Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak saýlawlarynyň ýeňijisi gepleşige taýýar


Yrak saýlawlarynyň ýeňijisi ähli partiýalar bilen gepleşiklere taýýardygyny aýtdy.

Ozalky premýer ministr Aýad Allawi özüniň Yrakiýa ýaranlygynyň hemmeler bilen gepleşmek üçin açykdygyny we bu gepleşiklere derhal başlanmalydygyny aýtdy.

Sesleriň sanawy Allawiniň 7-nji martda geçirilen saýlawlarda 325 orunly parlamentiň 91 ornuna eýe bolandygyny görkezdi.

Häzirki premýer ministr Nury al-Malikiniň Kanun döwleti bileleşigi bolsa 89 orun alyp, saýlawlarda ikinji boldy.
XS
SM
MD
LG