Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý «Rio tinto» kompaniýasynyň 4 işgärine ýyl kesdi


Rio Tinto kompaniýasynyň ýolbaşçysy Tom Albanese
Şu gün Hytaýyň Şanhaý şäheriniň sudy ýurtdaky «Rio tinto» atly magdan gazyş kompaniýasynyň dört sany işgärini uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.

Bu türme tussaglygyna höküm edilenlerden biri Stern Hu Awstraliýanyň raýaty. Sud jenap Hu bilen onuň ýene üç sany kärdeşini para almakda hem-de Hytaýyň döwlet syryna degişli maglumatlary ogurlamakda günäli tapdy.

Şanhaýdaky iňlis-awstral magdan ofisiniň başlygy Stern Hu sud tarapyndan 10 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Şanhaýyň sudy onuň ýerli kärdeşlerinden birine 14 ýyl, ýene birine 8 ýyl, üçünjisine bolsa 7 ýyl türme tussaglygyny bermek barada höküm çykardy.
XS
SM
MD
LG