Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kansleri Merkel Türkiýä sapar edýär


Şu gün Germaniýanyň kansleri Angela Merkel şu gün iki günlük resmi sapar bilen Türkiýä sapar edýär.

Türkiýäniň Ýewropa Bileleşigine agza bolmak meselesinde Germaniýa bilen Türkiýäniň arasynda henizem belli bir oňşuksyzlyklar bar.

Angela Merkel Türkiýä doly agzalyk berilmegine garşy çykyş edip, oňa diňe belli bir partnýorlyk artykmaçlyklarynyň berilmeginiň tarapyny tutýar. Onuň bu pozisiýasyny Türkiýäniň hökümeti berk tankytlap çykyş edipdi.

Ýöne muňa garamazdan, häzirki wagt 3 million türk raýaty ýaşaýar diýlip hasaplanylýan Germaniýa Türkiýäniň iň uly söwda partnýory bolmagynda galýar.

Kansler Angela Merkel özüniň Türkiýä saparynyň barşynda ýurduň premýer-ministri Rejep Taýýyp Ärdogan hem-de prezidenti Abdylla Gül bilen gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG