Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mişel Obama garaşylmadyk ýagdaýda Gaitä bardy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň aýaly Mişel Obama garaşylmadyk sapar bilen düýn Gaitä bardy.

Ak Tam tarapyndan ýaýradylan beýanatda aýdylşyna görä, ol Gaitä wise-prezident Jo Baýdeniň aýaly Jill Baýden bilen bilelikde sapar etdi.

Olar Gaitiniň prezidenti Rene Prewal we onuň aýaly Elizabet Prewal tarapyndan garşy alyndy. Ýanwar aýynda bolan ýer titremede bu ýurda aşa zyýan ýetipdi.

Güýji rihter ölçeginde 7 balla barabar bolan şol ýer titremeden soň ABŞ bu ýurda ýardam etmek üçin 20 müň töweregi esger iberipdi.
XS
SM
MD
LG