Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar, ölüm hadysalarynyň bardygy aýdylýar


Balkanyň hassahanalarynyň birinde özlerini lukmanyň kabul etmegine garaşýan ýaşaýjylar (Arhiw suraty)
Balkanyň hassahanalarynyň birinde özlerini lukmanyň kabul etmegine garaşýan ýaşaýjylar (Arhiw suraty)

Türkmenistanyň gündogar-günbatar sebitlerinde dem alyş ýollarynyň keselçiligi ýaýraýar. Ýiti dümew alamatlary bilen geçýän hassalyk bilen uly adamlar bilen bir hatarda, çagalar hem keselleýär.

Saglyk müdirlikleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz hassalyk zerarly ölüm hadysalarynyň hem hasaba alnandygyny aýdýar. Häkimiýetler bu keselçilik barada dymýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 15-nji dekabrda maglumat berdiler.

“Adamlarda ilki bokurdaklary gyzyp başlaýar we soňra beden temperaturasy galýar. Köp adam hassahana ýüz tutman, öýünde bejergi alýar. Muňa garamazdan, sebitiň hassahanalaryna bu keselçilik bilen keselläp düşýän näsaglaryň sany gaty kän” diýip, ýagdaýlardan habarly lukman anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Lukmanlaryň birnäçesiniň aýtmagyna görä, hassalyk esasan zenanlarda we çagalarda agyr geçýär. Hassahanalara düşýän näsaglaryň aglabasyny ýaş çagalar we aýallar emele getirýär.

“Hassahanalaryň köpüsinde palatalarda näsaglara ýer ýetmeýär. Käbir näsaglar öýünde bejergi almaga ugradylýar. Bu ýagdaýlar sebitiň hassahanalarynyň aglabasynda gaýtalanýar” diýip, ýene bir saglyk işgäri anonimlik şertinde aýtdy.

Saglyk müdirlikleriniň birindäki ygtybarly çeşmämiz sebitiň hassahanalarynyň birinde hassalyk zerarly bir günüň dowamynda dört sany ölüm hadysasynyň hasaba alnandygyny aýdýar.

“Olaryň hemmesi beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagy, döşleriniň gysyp, dem alyp bilmeýändigi zerarly hassahana ýüz tutýar. Olar kislorod enjamyna berkidilip, hassahananyň intensiw bejeriş bölüminde iki gün ýatandan soň, aradan çykýar. Ýöne adatça bolşy ýaly, bu maglumat köpçülige mälim edilmeýär” diýip, saglyk pudagyndaky çeşmämiz belledi.

Azatlykda bu hadysalaryň haýsy hassahanada hasaba alnandygy barada anyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa saglyk çeşmelerimiziň howpsuzlyk aladalary sebäpli ony köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Azatlygyň ýokarda beýan edilen ýagdaýlar, şol sanda ölüm hadysalary barada ýurduň gündogar-günorta sebitleriniň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Saglyk müdirliklerinden resmi teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.

Redaksiýamyz ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen hem habarlaşyp bilmedi. Ministrligiň resmi web sahypasynda hem dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýramagy, umuman onuň derejesine degişli maglumat ýa-da san görkezilmeýär.

Şol bir wagtda, web sahypada Türkmenistanda pandemiýalara taýýarlyk boýunça tejribe okuwlarynyň geçirilendigi habar berilýär.

“1-3-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Pandemiýalaryň öňüni almak, oňa taýýarlyk, jogap bermek we soňky dikeldiş boýunça Türkmenistanyň Hereketleriň Milli meýilnamasynyň (HMM) taslamasyny jemlemäge gönükdirilen PanPRET atly okuw maslahatlary geçirildi” diýlip, 4-nji dekabrda çap edilen maglumatda bellenýär.

Onda çäräni Bütindünýä Saglyk Guramasynyň (BSG) pandemiýalara taýýarlyk boýunça ýöriteleşen halkara bilermenleriniň geçirendigi hem nygtalýar.

Bu aralykda, habarçylarymyz keselçiligiň ýaýramagynyň arasynda, dermanhanalaryň tas ählisiniň adamlardan dolandygyny hem habar berýärler.

“Dermanhanalaryň köpüsinde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Derman satyn alyp çykan adamlaryň käbiri iki sagat ýaly nobata durandygyny aýdýar” diýip, ýagdaýlardan habarly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Häkimiýetler we ýurduň metbugat serişdeleri keselçilik barada aç-açan gürrüň gozgamaýan mahaly, ýerli resmiler sebitiň orta mekdepleriniň we çagalar baglarynyň köpüsinden ýüzärlik tütetmegi talap edýärler.

“Çagalaryň ene-atalaryndan ýüzärlik getirmek talap edilýär. Bilim resmileriniň bu talaby esasynda, dümewden goranmak üçin, synp otaglarynda we çagalar baglarynyň otaglarynda ýüzärlik tütedilýär” diýip, ýagdaýlardan habarly mekdep mugallymy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Türkmenistanda ýiti dümew alamatlary bilen geçýän dem alyş ýollarynyň keselçiliginiň ýaýraýandygy barada Azatlygyň habarçylary soňky gezek şu ýylyň tomsunda, iýulyň ahyrynda habar beripdiler.

Şonda Balkan welaýatyndaky habarçymyz dümew alamatly hassalygyň beden temperaturasynyň aşa ýokarlanmagy, üsgülewük, demgysma ýaly alamatlar bilen geçýändigini we munuň hassahanalara ýüz tutýan raýatlaryň köpelmegine sebäp bolýandygyny aýdypdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG