Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ösüp barýan dört ýurduň liderleri Braziliýada duşuşdylar


Penşenbe güni dünýäniň iň bir uly döwletlerinden dördüsiniň, hususan-da, Hytaýyň, Orsýetiň, Braziliýanyň we Hindistanyň döwlet liderleri Braziliýada iki günlük Sammite ýygnandylar. Munuň özi bu dört ýurduň döwlet liderleriniň ikilenji Sammitidir.

Dünýäniň ilatynyň 40 prosentini, ykdysady önümçiliginiň bolsa 20 prosentini öz içine alýan bu dört döwletiň liderleri maliýe hem-de ykdysady taýdan özara hyzmatdaşlyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar.

Bu maslahatyň yzy bilen, şu aýyň ahyrynda G-20 toparyna girýän döwletleriň liderleri Waşingtonda Sammit geçirmekligi planlaşdyrýarlar.
XS
SM
MD
LG