Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Migrasiýa gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan edildi


Düýn prezident Berdimuhamedow ýurduň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Seýitnyýaz Ballyýewe işinde goýberen kemçilikleri üçin berk käýinç yglan etdi.

Hususan-da, bu baradaky resmi maglumatda Ballyýewe «işleri pes derejede gurnandygy we migrasiýa gullugynyň bölümleri üçin kadrlary saýlamak işine gözegçiligi gowşadandygy üçin» şeýle käýinjiň berlendigi aýdylýar.

Bu ugurdaky bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmedik halatynda, Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Seýitnyýaz Ballyýewiň wezipesinden boşadyljakdygy barada oňa duýduryşyň hem berlendigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG