Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Uruşdan 65 ýyl soň berilýän sowgat


Käbir adamlar türkmen prezidentiniň karary esasynda Beýik Ýeňşiň 65 ýyllygyna gabat uruş weteranlaryna we uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan aýallara sylaglaryň we gymmatbaha sowgatlaryň berilmegini, her neneňsi hem bolsa, gutlanmaly zat hasaplaýarlar. Ýöne bu ugurdaky syýasatyň birneme üýtgedilmegini isleýän adamlar hem bar.

Prezident G.Berdimuhamedowyň kararynda aýdylmagyna görä, uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik hakyndaky kanuny esasynda ýylda bir gezek degişli şypahanalarda bir aý mugt dynç almaga mümkinçilik berilmeli.

Mundanam başga, türkmen prezidenti uruş weteranlarynyň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we uruş ýyllarynda tylda zähmet çekenleriň söweş hem zähmet meýdanlarynda görkezen gahrymançylygyny nazara alyp, 1-nji maýdan olaryň pensiýalarynyň mukdaryny 20 prosent ýokarlandyrmak hakyndaky ýörite karara gol çekdi.

Bu karar esasynda uruş weteranlaryna aýda minimal 522, maksimal 696 manat pensiýa bellenýär. Uruş weteranlarynyň ýanýoldaşlaryna hem tylda zähmet çekenlere bolsa aýda maksimal 638 manat möçberinde pensiýa bellenilýär.

Adamlar hoşalmy?

Türkmenistanly synçy Nurgeldi bu kararyň köp adamlary gaty begendirendigini, ýurtdaky ortaça aýlygy hasaba alanyňda, şeýle-de umumy aýlyk haklaryny göz öňünde tutanynda, munuň ýaşuly nesil üçin-de, olaryň maşgalasy üçin-de uly kömekdigini aýdýar.

Adam hukuklaryny goraýan Türkmen Helsinki fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa uruş hem zähmet weteranlarynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin ädilen bu ädimiň hakykatdan hem begendirijidigini belläp, ýurt üçin söweşen, zähmet çeken adamlara yzygider hem töwerekleýin kömek edilse has gowy boljagyny öňe sürýär.

«Elbetde, bu gowy karar. Ýöne bular ýaly kömek yzygiderli edilse, şonda has gowy bolardy» diýip Begmedowa aýdýar. Onuň pikirine görä, Türkmenistnda ilatyň, onda-da, ýaşuly nesliň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin aýda-ýylda bir gezek sowgat bermek ýa-da kömek etmek ýeterlik däl.

Şwesiýada ýaşaýan oppozisioner Halmyrat Söýünow Türkmenistanda ilatyň hor ýaşaýandygyna ünsi çekýär.

«Biz türkmen halkynyň soňky iki onýyllykda nähili agyr ýagdaýda ýaşaýanyny bilip otyrys» diýip Söwünow aýdýar. Onuň pikiriçe, sowet zamanynda, nähilem bolsa, uruş weteranlaryna we olaryň yzynda galanlara, şol sanda Owganystanda gulluk eden sowet esgerlerine döwlet tarapyndan yzygiderli kömek berlerdi. Ýöne Halmyrat Söýünow S. Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda weteranlaryň ýagdaýynyň ýyl-ýyldan agyrlaşandygyny, aýda-ýylda bir atlary agzalaýmasa, olaryň tasdan ýatdan çykarylandygyny aýdýar.

Jomartlygyň adresi üýtgedilse…

Türkmen häkimiýetleri ýurtda emele gelen işsizligiň, korrupsiýanyň we inflýasiýanyň derejesi hakynda anyk maglumatlary çap etmeýärler. Emma synçylar Türkmenistanda işsizligiň giň ýaýrandygyny aýdýarlar.

Oppozisioner Söýünowyň pikirine görä, Türkmenistandaky işsizlik zerarly uruş hem zähmet weteranlarynyň pensiýalarynyň özlerine ýetmeýän, ene-atasy işsiz agtyk-çowluklara harç edilýän halatlary hem az bolmaýar. Şeýle-de ol türkmen häkimiýetleriniň ýurduň gaz eksportundan gelýän girdejileri gerekmejek ýa ikinji, üçünji derejeli dabaralara, konferensiýalara, bahasy çişirilen gurluşyklara sarp etmekde has jomartdygyny, emma ýurt goran gahrymanlara gezek gelende bu häsiýetiň tapdyrmaýandygyny aýdýar.

«Ýurda gaz söwdasyndan gelýän girdejilerden çen tutulsa, uruş we zähmet weteranlaryna 200 manat ýa 70 dollar däl, adam başyna 2 müň, 5 müň dollar sowgat berlende hem gelişmän durmazdy» diýip Söýünow aýdýar.

«Eger şeýdilen bolsa, köpi gidip, azy galan ýaşulular, garry eneler, azajygam bolsa, agtyklarynyň arasynda bol-elin ýaşamaga mümkinçilik alardy we hökümetiň ol adamlaryň öňünde öz perzentlik borjuny bitirdigi bolardy» diýip, oppozisoner belleýär.

Hukuk goraýjy T.Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistanyň uruş we zähmet weteranlarynyňam, ýurduň beýleki raýatlarynyňam sosial-durmuş şertlerini has gowulandyrmak üçin ykdysady mümkinçiligi bar, ýöne ol bu meseläniň çözgüdi baýramçylyklara gabat göz üçin berilýän sowgat-serpaýlarda ýa dabara-şowhunda däl-de, eýsem hakyky syýasy reformalarda diýip pikir edýär.
XS
SM
MD
LG