Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dagystandaky hüjümde 8 adam heläk boldy


Dagystanyň Sergokalininskaýa regionynda işçiler äkidip barýan iki maşynyň oka tutulmagy netijesinde 8 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Heläk bolanlaryň remont brigadasynyň işçileridigi anyklandy.

Olaryň 13-nji maýda daňdan oka tutulan telediňdäki zeper ýeten enjamlary bejermek maksady bilen ýola çykandyklary aýdylýar.

Telediňi we mobil telefon aragatnaşyk stansiýasyny oka tutan hüjümçiler bilen olaryň yzyna düşen milisiýa işgärleriniň arasynda atyşyk emele gelip, dört milisiýa işgäriniň ýaralanandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG