Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakdaky parlament saýlawlarynyň netijesi üýtgemedi


Yrakdaky parlament saýlawlarynda berlen sesleri gaýtadan sanamak boýunça geçirilen ses sanaýyşlyklar hem saýlawlaryň netijesini üýtgetmedi.

Hususan-da, Bagdat şäherinde geçirilen ses sanaýyşlyklar bu şäher boýunça parlamentden orun alan 68 deputatyň hiç birine negatiw täsir etmedi.

7-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda Yragyň ozalky premýer-ministri Iýýad Allawynyň syýasy partiýasy 325 orunlyk parlamentden 91 orun aldy. Munuň özi aýratyn bir partiýanyň alan iň köp orny hökmünde alamatlandy.

Orunlaryň sany boýunça ýurduň häzirki premýer-ministri Nury al-Malikiniň «Kanun döwleti» atly syýasy partiýasy ikinji orunda. Onuň partiýasy parlamentden 89 orun aldy. Indi Yragyň parlamenti täze hökümeti düzmek işine girişmeli.
XS
SM
MD
LG