Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Latwiýa Ýewropa sudunyň kararyny gutalaýar


Latwiýa Ýewropanyň adam hukuklary sudunyň ozalky sowet partizan söweşijisi Wasiliý Kononowa çykarylan uruş jenaýatçysy hökümini üýtgetmän galdyrmagyny gutlady.

Strasburgda ýerleşýän suduň kararynda, ikinji jahan urşy gutarandan 60 ýyl soň jogapkärçilige çekmek bilen, Latwiýa Kononowyň adam hukuklaryny bozmandyr diýilýär.

Latyş sudy 2004-nji ýylda Kononowa 1944-nji ýylda bir oba geçiren reýdi üçin ýyl kesdi. Şonda ol obada graždan ilatdan 9 adam, şol sanda bir göwreli aýal atylyp öldürilipdir.

Latyş prokurorlary ol adamlaryň parahat raýatlar bolandygyny aýdýar, emma Kononow olaryň nasistik Germaniýa bilen hyzmatdaşlyk edendigini öňe sürýär.
XS
SM
MD
LG