Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda “You Tube” saýtyna girmek bölekleýin dikeldildi


Pakistanda “You Tube” saýtyna girmek bölekleýinem bolsa dikeldildi.

Pakistanyň Informasiýa tehnologiýalary boýunça ministrliginiň düýnki beren habaryna görä, “Facebook” bilen “You Tube” saýtlarynyň musulmanlary masgaralaýjy wideosy bolan sahypalary öňküleri ýaly ýapyk bolar.

“Facebook” bilen bagly karar sud diňlenişiginiň netijeleri boýunça maý aýynyň ahyrynda çykarylar.

Pakistanda “ Facebook” saýtyny Muhammet pygamberiň karikaturasyny ýerleşdireni üçin ýapdylar.

Köp musulmanlar şol suratlaryň peýda bolmagyny hudaýa dil, şek ýetirmek hasap edýärler.
XS
SM
MD
LG