Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanyň prezidenti hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy


Anna güni Hytaýa resmi sapara baran Hindistanyň prezidenti hanym Pratibha Patil Pekinde Hytaýyň prezidenti Hu Jintao bilen gepleşik geçirdi.

Bu gepleşikleriň yzy bilen bolsa, Hindistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyklaryň dürli ugurlaryna degişli birnäçe täze ylalaşyklara gol çekildi.

Hanym Patiliň bu sapary soňky on ýylyň dowamynda Hindistanyň prezidentiniň Hytaýa eden ilkinji sapary hökmünde alamatlandy.

1962-nji ýylda Hytaý bilen Hindistanyň arasynda ýüz beren ýaragly serhet konfliktlerinden bäri 50 ýyla golaý wagtyň geçendigine garamazdan, bu iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar belli bir derejede sowuk bolmagynda galýar.
XS
SM
MD
LG