Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen bosguny Germaniýadan yzyna iberilýär


Doýçe welle radiosynyň habaryna görä, Germaniýadan oturym aljak bolýan türkmen raýaty arzasy kanagatlandyrylman, yzyna iberiljege meňzeýär.

Anatoliý Burba türkmen häkimiýetleriniň özüni şol wagtky prezident S.Nyýazowy tankytlany üçin 1997-nji ýyldan başlap gynandygyny we 1999-njy ýylyň ahyryna çenli tussagda saklandygyny, eger yzyna gaýtarylsa, özüniň ýene gynalmagynyň mümkindigini aýdýar.

Burba 2004-nji ýyldan bäri Ýewropada ýaşaýar we onuň Şwesiýadan we Gollandiýadan oturym almak synanyşyklary hem başa barmandyr.

«Burbanyň Germaniýadan oturym almak mümkinçiligi hem gaty çäkli, sebäbi sudlar onuň Türkmenistanda ýanalýandygyna şübhelenýär» diýip, Doýçe welle radiosy habar berýär.

Burbanyň oturym haýyşy baradaky soňky karar 7-nji iýunda çykarylmaly.
XS
SM
MD
LG