Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB-niň başlygy käbir agzalara belli bir sanksiýalar ulanylmaly diýýär


Duşenbe güni Ýewropa Bileleşiginiň prezidenti Herman Wan Rompuý Bileleşige agza ýurtlarda uly bergileriň döremegine ýol berýän we öz ykdysadyýetleriniň konkurensiýa ukyplylygyny pese düşürýän hökümetlere garşy belli bir sanksiýalaryň ulanylmalydygy nygtap, çykyş etdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri düýn Brýusselde geçirýän maslahatlarynda bu ugurda täze strategiýany öňe sürdüler. Hususan-da, olar aýry-aýry ýurtlarda içerki döwlet býujeti tassyklanylmanka, bu ýurtlaryň öz býujet planlary barada özara maslahatlaşmalydyklary baradaky ideýany goldadylar.

Düýn ýewro pul birligini ulanýan 16 ýurduň ministrleri ýewro-zonada maliýe defisitini başdan geçirýän ýurtlara kredit kömegini bermek maksady üçin 440 milliard ýewrolyk kömek fonduny döretmek barada ýörite planyň proýektini-de işläp düzdüler.
XS
SM
MD
LG