Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama eýranlylaryň batyrlygyny öwýär we goldawa çagyrýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama dünýäniň galan bölegini öz ýurtlarynda has köp azatlyk ugrunda göreşýän eýranlylary goldamaga çagyrdy.

Obamanyň bu beýanaty penşenbe güni Waşingtonda, Eýranda bolan dawaly prezident saýlawlarynyň bir ýyllygynyň öňüsyrasynda, onuň adam hukuklary boýunça geňeşçileriniň biri tarapyndan okaldy.

2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda geçen saýlawlar, galplyk edilendigi baradaky aýyplamalara hem protest demonstrasiýalaryna garamazdan, prezident Mahmut Ahmedinejada ikinji möhlete hem ornunda galmaga ygtyýar berdi.

Eýranyň oppozisiýa liderleri şol wakanyň bir ýyllygyna gabat geçirilmeli ýygnanyşyklara gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny alada edip, bu senäni bellemegi goýbolsun etdiler.

Olar hökümet güýçleriniň demonstrasiýaçylara ýowuz daramagyndan howatyr edýärler.
XS
SM
MD
LG