Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kurmanbek Bakyýew aýdylýanlary ret edýär


Gyrgyzystanyň bosgunlykda ýaşaýan öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew Gyrgyzystanyň günortasynda turan etniki çaknyşyklar tolkunyna özüniň dahyllydygyny inkär etdi.

Bakyýewiň beýanatynda özüniň bu gowga dahyllydygy barada aýdylýanlaryň «utançsyz ýalançylykdygy» we aprelde bolan gozgalaňdan soň öz ýerine gelen häkimiýetiň bu gowgany ýatyrmaga ukypsyzdygyny subut edýändigi aýdylýar.

Bu beýanat Belarusda, Bakyýewiň ýaşaýan ýerinde çap edildi.

Şularalykda Bakyýewiň www.presidentbakiyev.com internet saýdyna hakerler hüjüm etdiler. Häzir bu saýt öňki döwlet baştutanynyň karikaturasy bilen çalşyryldy.

Karikaturanyň ýüzünde rus hem gyrgyz dillerinde «Saňa we seniň garakçylaryňa ölüm» diýen ýazgy ýazylypdyr.
XS
SM
MD
LG