Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda 13 sany ýaragly söweşiji öldürildi


Şenbe güni Pakistanyň Demirgazyk Weziristan regionynda amerikan harby uçarynyň atan raketa oklaryndan azyndan 13 sany ýaragly söweşijiniň ölendigi barada maglumat alyndy.

Pakistanyň howpsuzlyk resmileri bu hüjümde Demirgazyk Weziristan regionyndaky Sokhel obasynda bir ýaşaýyş jaýynyň ýörite nyşana alnandygyny habar berdiler.

Soňky wagtlar Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionynda aýry-aýry nokatlary bombalamak çärelerini has-da ýygjamlatdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG