Belarus ors gazy üçin Gazproma bergisini doly töländigini öňe sürýär.
Emma Gazpromyň resmi wekili kompaniýanyň hasabyna hiç hili puluň gelip düşmändigini aýdýar.
Orsýet tarapy düýn Belarusa gidýän gazy 30% azaldandygyny mälim etdi.
Ýewrokomissiýanyň wekili Marlen Holsner “Ýewropa Orsýet bilen Belarusyň arasyndaky dawanyň zamuny bolmaly däldir. Ýewrokomissiýany takyk maglumatlar gyzyklandyrýar. Biz taraplaryň ikisini-de ähli gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak üçin hyzmatdaşlyga çagyrýarys” diýdi.
Häzir Belarusda bolýan Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Kurmanbek Bakyýew düýn Minkskide bolan metbugat konferensiýada Orsýetiň gazy üçin töleg etmäge Belarusa Gyrgyzystandan özi bilen alyp gelen pulundan 200 million dollar berendir diýen çaklamany ýalana çykardy.
Kurmanbek Bakyýew Minskide bolmagy bilen bagly ähli çykdajýlary özüniň töleýändigini aýtdy.
Bakyýew Gyrgyzystanyň günortasyndaky konflikti kadalaşdyrmak meselesinde häzirki gyrgyz häkimiýetlerini gowşaklykda hem ukypsyzlykda aýyplady.
Gyrgyz häkimiýetleri Bakyýewiň özlerine berilmegini talap edýär we ony aprel aýynda bolan Bişkek demonstrasiýalaryndaky adam pidalaryna gatnaşykda aýyplaýar.