Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Obama bilen Medwedew duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamdaky metbugat konferensiýasynda, 24-nji iýun.
Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Ak Tamdaky metbugat konferensiýasynda, 24-nji iýun.

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary täzeden gurnamak boýunça alyp baran işleriniň üstünlikli bolandygyny aýdýarlar.

Bilelikde berlen metbugat konferensiýasynda ýolbaşçylaryň ikisi-de ýadro ýaraglaryna kontrollyk baradaky “START” şertnamasy, şeýle hem şübheli atom programmasy sebäpli Eýranyň garşysyna girizilen sanksiýalary goldamakda özara hyzmatdaşlygy aýratyn belläp geçdiler.

Medwedew: “Bu tagallalar indi öz miwesini berip ugrady” diýdi. Soňra-da sözüniň üstüni ýetirdi: “Biz iki ýurduň arasynda özara ynamy güýçlendirmek, dostlugymyzyň binasyny berk tutmak üçin soňky wagtlarda gowy ädimler ätdik. Men öz ýaşaýan dünýämizi belli bir derejede howpsuzlandyrdyk diýsem, öte geçdigim bolmaz”.

Howpsuzlyk, adam hukuklary we ykdysadyýet

Howpsuzlyk meselesinde öňegidişlik bolan hem bolsa, täze gatnaşyklaryň Orsýetde adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmakda welin, beren netijesi ýok. Aktiwistleriň hem iki ýurtda-da tankytlaýany şol. Olar: “Strategik ugurda öňegidişlik üçin adam hukuklary meselesi bassyr-ýussur edildi” diýýärler.

Söwda babatynda bolsa, Medwedew Obamanyň Orsýetiň Bütindünýä Söwda Guramasyna girmegini doly goldajakdygyny aýtmagy bilen uly üstünlik gazandy. Moskwa bu babatda köp wagtdan bäri Birleşen Ştatlaryň goldawyna garaşyp gelýär. Obama: “Orsýetiň bu gurama agza bolmagy onuň global ykdysadyýete integrirlenmegini güýçlendirer” diýdi.

Rus prezidentiniň söwda ugrunda gazanan üstünligi ýeke bu däl. Birleşen Ştatlaryň kompýuter ägirdi “Sisco systems” hem täze tehnologiýany güýçlendirmekde Orsýete kömek üçin bu ýurtda geljek 10 ýylda bir milliard dollar maýa goýmagy wada etdi.

Prezident Obama Moskwa bilen Waşingtonyň arasynda köp ugurlarda hyzmatdaşlyk edilýänligini, ýöne ylalaşmazlyklaryň hem ýok däldigini boýun aldy. Ol bu dogruda Gürjüstany, Günorta Osetiýany we Abhazystan dawasyny mysal getirdi. Obama bu ylalaşmazlyklar hakda özleriniň açyk we ak ýürekden gürleşip, öz pikirlerini aýdandyklaryny bildirdi.

“Iki ýurduň arasynda käbir meseleler, mysal üçin, Gürjüstan barada ylalaşmazlyklar häzirem dowam edýär. Biz bu tapawutlar hakda hem ak ýürekden gürleşdik. Ýöne öz ylalaşýan ugurlarymyzda öňe gitmek bilen gatnaşygymyzy täzeden ýola goýmagy başardyk. Bu hem regional hem-de global howpsuzlyk üçin bähbitli” diýip, Obama nygtady.

Gyrgyzystandaky ýagdaýlar

Gyrgyzystanda durnuklylygyň ornaşmagy iki ýurduň hem bähbidine. Sebäbi Orsýet bu ýurt bilen göni serhetdeş, Birleşen Ştatlaryň hem ol ýerde strategik taýdan gaty möhüm bazasy bar. Bu ýerde hem iki ýolbaşçy öz diplomatik we gumanitar kömek baradaky tagallalaryny utgaşykly alyp barmak hakda ylalaşandyklaryny aýtdylar.

Gyrgyzystanda etniki çaknyşyklarda takmynan 2000 adamynyň heläk bolup, 400 müň töweregi agamyň hem öý-öwzaryndan aýrylandygy aýdylýar. Medwedew özüniň bu ýerde syýasy ýagdaý kontrollykdan çykar diýip, gorky edýändigini bildirdi.

“Biziň umydymyz – saýlawlar güýçli, häzirki problemalary çözmäge ukyply hökümetiň düzülmegine getirmeli. Şeýle bolmasa, Gyrgyzystanyň pese düşüp, territorial taýdan bölünmegi mümkin. Biz bu şertlerde radikallar häkimiýet başyna geler diýip, iňkis edýäris. Eger şeýle bolaýsa, onda biz Gyrgyzystanda-da häzir başga regionlarda çözmäge synanyşýan problemalarymyz bilen ýüzbe-ýüz bolarys. Meniň aýtjak bolýanym – Owganystan” diýip, Medwedew öz ünjüsini beýan etdi.
XS
SM
MD
LG