Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk howa giňişlikleri Ysraýylyň harby uçarlary üçin ýapyk


Türkiýäniň howa giňişlikleri Ysraýylyň uçarlary üçin ýapyk diýen gadaganlyga ýolagçy gatnawlary girmeýär diýip, türk hökümetiniň wekili aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýerde gürrüň harby uçarlar barada barýar.

Mundan öň Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Ysraýyl üçin Türkiýäniň howa giňişlikleriniň ýapykdygyny yglan edipdi hem bu ýagdaýyň Gaza sektorynyň kenarynda ýakynda bolan waka bilen baglydygyny belläpdi.

Türkiýe öňünden duýdurmazdan Polşa ysraýyl habylaryny alyp barýan uçary öz howa giňişligine goýbermedi diýip, Ysraýylyň köpçülikleýin habar serişdeleri habar berdi.
XS
SM
MD
LG