BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun düýnki eden çykyşynda Eýrana garşy sanksiýalaryň dördünji tapgyrynyň girizilendigine garamazdan, Tähranyň ýadro programmasy baradaky düşünişmezlikleriň gepleşikler arkaly çözülmegini goldaýanlygyny aýtdy.
“Howpsuzlyk Geňeşiniň täze rezolýusiýany tassyklandygyna garamazdan, bu meseläniň çözgüdi boýunça gepleşikler üçin gapylar açyklygyna galýar. Men bu tema barada Ýewropa Bileleşiginiň we Ýewropa Geňeşiniň wekilleri bilen pikir alyşyp, olary Eýran bilen gepleşiklerini dowam etdirmäge çagyrdym. Men dünýä liderlerini we bu tagalla gatnaşýan ýolbaşçylary bu meseläniň çözgüdi üçin gepleşikleri mundan beýlägem dowam etirmäge çagyrýaryn” diýip, Ban Ki-Mun aýtdy.
Günbatar ýurtlary Eýranyň ýadro programmasynyň ýadro ýaraglaryny ýasamaga gönükdirilendigini aýdýarlar.
Tähran bu aýyplamalary ret edip, öz programmasynyň parahatçylykly maksatlara eýerýändigini nygtaýar.
Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad 28-nji iýunda eden çykyşynda bu mesele boýunça Tähranyň öňe süren şertleri kabul edilen ýagdaýynda Eýranyň diňe sentýabr aýynda gepleşiklere gatnaşmaga razy boljakdygyny belledi.