Owgan hökümeti günorta Owganystanda 63 sany neşe gaçakçysynyň we terrorçynyň öldürilendigini, 16 tonna neşäniň we neşe ýasalýan himiki maddalaryň ýok edilendigini aýdýar.
Owganystanyň Içeri işler ministrligi neşe maddalaryna garşy göreş birleşiginiň Owganystanyň Pakistan bilen aradaky günorta serhetinde geçiren iki günlük operasiýasynda 10 sany ýaragly jeňçiniň we gaçakçynyň tutulandygyny, olaryň içinde daşary ýurtlularyň hem bardygyny aýtdy.
Bu operasiýa koalisiýa güýçleriniň kömek bermeginde geçirilipdir.