Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran öz uçarlaryna ýangyç berilýändigini nygtaýar


Eýranyň resmileri ýurduň ýolagçy uçarlaryna bu ýurda garşy girizilen sanksiýalar sebäpli ýangyç berilmeýändigi baradaky habaryň nädogrydygyny aýdýarlar.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ramin Mehmanparast Eýranyň uçarlaryna dünýaniň hemme ýurtlarynda zerur bolan ýangyjyň guýulýandygyny aýdyp, ol üç ýurtda Eýranyň uçarlaryna ýangyç berilmeýändigi baradaky habaryň Eýran yslam respublikasyna garşy alnyp barylýan propagandanyň bir bölegidigini öňe sürdi.

6-nji iýulda Eýranyň ISNA habar gullugy Eýranyň Howaýollar bileleşiginiň sekretary Mehdi Aliýara salgylanyp Britaniýada, Germaniýada we Birleşen Arap Emirliklerinde Eýrana garşy sanksiýalaryň çäginde bu ýurduň uçarlaryna ýangyç berilmeýändigini habar berdi.

Britaniýanyň, Germaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň resmileri hem bu habary ret etdiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG