Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainadaky metbugatyň ýagdaýyna alada bildirilýär


Çarşenbe güni “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Ukrainada metbugat azatlygynyň ýagdaýy barada alada edýänligini beýan etdi.

Guramanyň Baş sekretary Žan Fransua Julliard Kiýewde eden çykyşynda hökümet bilen käbir media kompaniýalarynyň arasyndaky “hyzmatdaşlykdan” hem özleriniň alada galýanlygyny aýtdy.

Mundan öň “Serhetsiz reportýorlaryň” ýaýradylan beýanatynda žurnalistlere hüjüm edilendigi barada käbir takyk maglumatlar görkezilip, senzuranyň we habar beriş serişdelerine sýyasy basyşlaryň artýanlygy habar berildi.

Beýanatda metbugat azatlygyny goramaga hökümete çagyryş edilýär.

ABŞ hem geçen aý şuňa meňzeş beýanat bilen çykyş edipdi.

Ukrainanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýet başyna geçmeginden bäri senzuranyň barha artýanlygyna alada bildirýärler.
XS
SM
MD
LG