Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Uýgur žurnalistiniň tussag edilmegine protest bildirilýär


Şu gün ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň bir topary geçen hepde Hytaýda uýgur žurnalisti Geýrat Niýaza 15 ýyl türme tussaglygynyň berilmegine protest bildirip, ýörite açyk hata gol çekdiler.

Hukuk goraýjy ýuristlerden, alymlardan, ýazyjylardan we žurnalistlerden ybarat bu topar öz hatynda žurnalist Geýrat Niýaza berlen adalatsyz jezanyň Hytaýdaky ekstremizme we etniki dartgynlylyga has-da meçew berýändigini belläpdir.

Uýgur milletinden bolan žurnalist Geýrat Niýaza Hytaýyň sudy geçen ýylky etniki çaknyşyklar barada daşary ýurtly žurnalistlere interwýu berendigi üçin ýakynda 15 ýyl türme tussaglygyny berdi.

Geýrat Niýaz şol gürrüňi edilýän çaknyşyklaryň yzy bilen, geçen ýylyň iýulynda tussag edilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG