Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda tebigy hadysanyň pidasy 1100-e bardy


Pakistanyň demirgazyk-günbatar etraplarynda suw joşmasyndan ejir çeken ýaşaýjylaryň aglabasy hereketsizlikde hem adam ykbalyna parhsyzlykda häkimiýetleri aýyplaýarlar.

Öýüni sile aldyran adamlar wagtlaýyn gaçybatalgalardaky agyr şertlerden şikaýat edýärler. Bu tebigy hadysa, anyklanan maglumata görä, iki ýarym million gowrak adamyň durmuşyna täsir ýetiripdir.

Ýerli ýaşaýjylaryň biri şeýle diýýär: “Men Jabbadan. Biz hemme zadymyzy ýitirdik. Hiç bir zadymyzy halas edip bilmedik. Bizde aýakgabam, geýim-gejimem ýok. Çagalar ýalaňaç. Çagajyklarymyz açlyga çydaman aglanda, bu adamlar: “Raspisaniýe boýunça naharlarys”-diýýärler. Biz köp zat islämizok.”

Suw joşmasynda pida bolanlaryň sany eýýäm 1,100 adama ýetdi. Ölenleriň sanynyň has köp bolmagynyň mümkindigini halas edijiler aýdýarlar. Çünki barmasy kyn obalardan heniz habar ýok.

BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Mun tebigy betbagtçylygyň zyýanlaryny aradan aýrymak üçin Pakistana 10 million dollar berjekdigini aýtdy. Şeýleräk möçberde ABŞ hem kömek bermekçi.
XS
SM
MD
LG