Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ysraýyly, Liwany sowukganlylyga çagyrýar


BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi we ABŞ-nyň Döwlet departamenti serhetdäki çaknyşykda 5 adam ölenden soň Ysraýyly we Liwany sowukganlylyga çagyrdylar.

Şol wakada 3 liwanly esger, bir liwanly žurnalist we ysraýylly harby polkownik öldi.

Çaknyşyk boýunça taraplar birek-biregi aýyplaýarlar. Wakanyň sebäpleri heniz anyk däl.

Orsýetiň BMG-däki ilçisi Çurkiniň sözlerine görä, Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalary taraplary geňeşiň 1701-nji rezolýusiýasyny berjaý etmäge çagyrdylar.

Şol rezolýusiýa Ysraýyl-Liwan urşunyň 2006-njy ýylyň tomsunda tamamlanmagyna getiripdi.

Ysraýylyň Daşary işler ministrligi, eger bidüzgünçilikler dowam etse, oňa gaýtawul beriljekdigini Liwana duýdurdy.

Liwanyň premýer-ministri Saad al Hariri Ysraýylyň “agressiýasyny” ýazgardy.
XS
SM
MD
LG