Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistandaky güýçli ýagyşlar ýagdaýy kynlaşdyrýar


Pakistanda gaýtadan başlan çagbaly ýagyş ynsanperwerlik kömeklerini paýlamaga, halas ediş işlerini dowam etdirmäge böwet döredýär.

Resmileriň beren maglumatlarynda ýaramaz howa şertleri zerarly halas ediş işleri üçin zerur bolan dikuçarlaryň ulanylyp bolmaýandygy aýdylýar.

Ýurduň Sindh welaýatynda sil howpunyň ýokary bolup durýandygy hem duýdurylýar.

Pakistanyň premýer-ministri Ýusuf Reza Gilani Sindh welaýatyna eden saparynda şeýle diýdi: “Halk ruhubelentligini saklamaly. Biz şeýle kyn ýagdaýda öz doganlarymyza, çagalarymyza ýardam bermeli”.

Düýn Britaniýanyň Birmingam şäherine sapar eden Pakistanyň prezidenti Asif Ali Zardari ýiti tankyda sezewar boldy.

Protestçiler Pakistanyň suw joşmasy bilen bagly betbagytçylygy başdan geçirýän mahaly A.Zardariniň Ýewropa sapar etmegini ýiti ýazgardylar.
XS
SM
MD
LG