Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

N.Hanamowyň dogany biwagt aradan çykdy


Daşary ýurtda döredilen oppozision Respublikan partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň dogany Annamuhammet Hanamow 61 ýaşynyň içinde agyr keselden soň aradan çykdy.

N.Hanamowyň aýtmagyna görä, Annamuhammediň biwagt aradan çykmagyna onuň ganynda dörän rak keseli sebäp bolupdyr.

Maglumata görä, ýurduň içinde bu agyr derdi bejermäge şert ýokdugy üçin garyndaşlary ony daşary ýurtlara bejertmäge äkitmekçi bolanlaryda, türkmen häkimiýetleri muňa rugsat bermändirler.

Annamuhammet Hanamow 20-nji awgustda Aşgabatda aradan çykypdyr. Azatlyk Radiosy merhumyň dogan-garyndaşlaryna çuňňur gynanç bildirýär.
XS
SM
MD
LG