Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň wise-prezidenti türkmen ilçisini kabul etdi


Owganystanyň wise-prezidenti Mohammad Karim Haliliniň 29-njy awgustda Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi Atajan Möwlamowy kabul edendigi habar berilýär. Bu duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Türkmenistana wekilçilik edýän Atajan Möwlamow Owganystanda parahatçylygyň, asudalygyň ornaşdyrylmagy ugrunda Türkmenistanyň ýardam bermäge taýýaradygyny aýtdy diýlip, habar berilýär.

Wise-prezident Mohammad Karim Halili bolsa goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary saklamaga Owganystanyň uly üns berýändigini aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG