NATO şu gün Owganystanda Talyban äheňli bomba hüjümleri netijesinde ýene bäş amerikan esgeriniň öldürilendigini, netijede anna gününden bäri öldürilen amerikan esgerleriniň sanynyň 22-ä ýetendigini aýdýar.
Fransiýanyň AFP habar gullugynyň ýöredýän hasabyna görä, bu günki ölüm habarlary Owganystanda şu ýylyň dowamynda öldürilen daşary ýurt esgerleriniň sanyny 485-e ýetirdi. Geçen ýyl Owganystanda jemi 521 daşary ýurt esgeri öldürilipdi.
NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen şu gün özüniň ýaranlyga agza döwletleriň ýetip gelýän sammitde Owganystandaky howpsuzlyk jogapkärçiliklerini geljek ýyldan owgan häkimiýetleriniň özüne tabşyrmak barada ylalaşjagyna umyt edýändigini aýtdy.
Daniýa telewideniesinde çykyş eden Rasmussen Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýynyň kanagatlanarly däldigini, ýöne ol ýerde käbir öňegidişligiň bolandygyny aýtdy.