Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusdaky rus ilçihanasyna içi ýangyçly çüýşe zyňyldy


Belarus resmileri şu gün irden näbelli adamlaryň Minskidäki rus ilçihanasynyň howlusyna iki sany içi ýangyçly çüýşe zyňandygyny aýdýar.

Ýaralanan adamyň ýokdugy, ýöne ilçihananyň golaýynda goýlan maşyna zyýan ýetendigi aýdylýar.

Belarus hökümeti bu hüjüm bozgaklyk hökmünde ýazgardy. Orsýetiň daşary işler ministrligi bu hadysany berk derňemäge çagyrýan beýanat çap etdi.

Bu Belarusdaky rus ilçihanasyna edilen ilkinji hüjüm däldi. 2001-nji ýylyň iýunynda, rus prezidenti Wladimir Putiniň Minskä sapara gelmeli wagtyndan birnäçe sagat öň hem bu howla granat zyňlypdy.

1997-nji ýylda bolsa, näbelli hüjümçiler ilçihananyň jaýyny pulemýot okuna tutupdylar. Ýöne bu hadysalar bilen bagly hiç kim ýaralanmandy we jogapkärçilige çekilmändi.
XS
SM
MD
LG