Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan nebit eksportuna haryt salgydyny köpeldýär


Gazagystan girdejini ardyrmak üçin geljek ýyldan eksport edilýän çig nebitiň her tonnasyna 40 dollar salgyt salmakçy. Muny şu gün Astanada ýurduň hökümet maslahatynda çykyş eden maliýe ministri Bolat Žamişew aýtdy.

Gazagystan Merkezi Aziýadaky iň uly nebit öndürijidir. Bu ýurt nebit eksportuna haryt saldygyny 2008-nji ýylda, global maliýe krizisi mahalynda girizdi. Ýöne soň, 2009-njy ýylyň ýanwarynda bu salgydy nola çenli azaltdy. Soň bu salgyt şu ýylyň iýulynda her tonna 20 dollar görnüşinde gaýtadan girizildi.
XS
SM
MD
LG