Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Darfurda alnyp gaçylan rus pilotlary azat edildi


Sudanyň döwlet metbugaty iki gün ozal Darfurda alnyp gaçylan rus uçar sürüjileriniň boşadylandygyny habar berdi.

Sudanyň Badr howa ýollarynda işleýän üç rus ýekşenbe güni alnyp gaçylypdy. Olaryň nähili boşadylany barada kän zat aýdylmaýar.

Halkara jenaýat sudy geçen ýyl prezident Omar al-Başiri tussag etmek barada höküm çykaraly bäri 20-den gowrak daşary ýurtly kömek işgäri we parahatçylyk esgeri alnyp gaçyldy. Olaryň hemmesi töleg habarlarynyň çykmagy bilen azat edildi.

Duşenbe güni Birleşen Ştatlaryň sahawat guramasynda işleýän bir aýal hem azat edildi. Ol 100 günden gowrak ýesirlikde bolupdy.
XS
SM
MD
LG