Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň Kwetta şäherindäki hüjümden ölenleriň sany artdy


Pakistanyň günorta-günbataryndaky Kwetta şäherinde janyndan geçen terrorçynyň hüjüminden ölenleriň sany 44-e ýetdi, onlarça adam ýaralandy.

Hüjüm şaýy musulmanlarynyň palestinlilere raýdaşlyk bildirip, ýöriş geçiren wagtyna gabat geldi.

Bu soňky üç günde Päkistanda bolan 2-nji uly terror aktydyr.

Çarşenbe güni Lahorda bolan şeýle hüjümden 35 adam ölüp, 300 çemesi adam ýaralandy. Olar hem ýerli şaýy musulmanlarydy. Ol teraktyň jogapkärçiligini Pakistandaky talyplar öz üstüne alypdy.

Synçylaryň aýtmagyna görä, ekstremistler ýurtdaky durnuklylygy bulaşdyrmak isleýärler.

Geçen aýda bu ýurtda bolan güýçli suw joşmasyndan millionlarça adam öý-öwzarsyz galypdy.

Şol bir wagtyň özünde häzir Owganystanda resmi saparda ýören ABŞ-nyň goranmak ministri Robert Geýtsiň aýtmagyna görä, Pakistanyň çägindäki söweşijilere garşy alnyp barylýan operasiýalara amerikan harbylarynyň gatnaşygy örän ujypsyzdyr.

Geýts Kandagarda ýerleşýän ABŞ-nyň harby bazasynda eden çykyşynda Pakistan hökümetiniň alyp barýan üstünlikli çäreleri netijesinde ekstremistlere owgan-päkistan serhedinde agyr kynçylyklar döreýär diýdi.
XS
SM
MD
LG