Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hillary Klinton: “ABŞ täze asyrda dünýä lideri”


Düýn ABŞ-nyň Döwlet sekteraty Hillary Klinton ABŞ-nyň daşary syýasaty barada programmalaýyn çykyş etdi. Täze asyryň ABŞ-nyň liderligi bilen bellenendigini, onuň global ösüşini kesgitlejekdigini Klinton belledi.

“Täze asyrda ABŞ dünýä lideri bolup biler, bolmaly we liderlik eder. Häzirki dünýäniň çylşyrymly hem özara baglanyşykly ähli elementleri täze “amerikan şansynyň” peýda bolmagyna alyp geldi, hut biziň dünýä liderligimiz hat-da täze ýollar bilen gitmeli bolsagam, ösüşiň ugruny kesgitleýär” diýip, Hillary Klinton Waşngtonda täsirli hökümete degişli däl guramanyň - Halkara işleri boýunça geňeşiň agzalarynyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň Hytaý we Orsýet bilen gatnaşyklaryna degip geçip, Döwlet sekretary partnerlygy giňeltmegiň perspektiwalaryny nygtady, şol bir wagtda-da ençeme syýasy meseleler boýunça ylalaşmazlygyň bardygyny belledi.
XS
SM
MD
LG