Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB, ABŞ Türkiýäniň referendum netijelerini gutlaýar


Ýewropa Bileleşigi we Birleşen Ştatlar şu gün Türkiýäniň ýekşenbe güni Konstitusiýa reformalary barada geçiren referendumynyň netijelerini gutlady.

Baş kanuna girizilen üýtgeşmeler harbylaryň ygtýarlyklaryny çäklendirer we adalat sistemasynyň durkuny täzelär.

Deslapky netijeler türkleriň 58 prosentiniň 26 düzedişiň peýdasyna, şol sanda harbylaryň graždan sudlaryna has köp garaşly edilmegine ses berendigini görkezýär.

Ses berişlige gatnaşyk 77 prosent boldy.

Premýer-ministr Rejep Taýyp Erdogan bu netijeleri taryplap, türk demokratiýasy ýeňdi diýdi: «12-nji sentýabr güni türk demokratiýasynyň taryhyna bir dönüş nokady bolup girer. Siz hemişe bu iş üçin ýatlanarsyňyz, biz hemişe bu iş üçin ýatlanarys.»

Emma opponentler bu düzedişler Erdoganyň yslam kökli AK partiýasyny güýçlendirer öýdüp gorkýarlar. ÝB we Birleşen Ştatlar bu referendumyň netijelerine gowy baha berýän beýanat çap etdiler.
XS
SM
MD
LG