Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasy açyldy


14-nji sentýabrda Nýu Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasy öz işine başlady. Onda ykdysady meseleler bilen bir hatarda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa hem-de Eýranyň syýasatyna garalar.

BMG-niň baş sekretary Ban Ki Mun Eýranyň prezidentiniň ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki gepleşiklere gatnaşjakdygyny mälim etdi.

“Meniň düşünşime görä, prezident Ahmedinejad 24-nji sentýabra planlaşdyrylýan ýokary derejedäki gepleşiklere gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Häzir men bu mesele bilen bagly dokumentleri taýýarlamak bilen meşgullanýaryn” diýip, Ban Ki Mun aýtdy .

BMG-niň Baş assambleýssynyň 65-nji sessiýasy 30-njy sentýabra çenli dowam eder.
XS
SM
MD
LG