Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan-yrak reýdinde asuda adamlar öldürildi


Yrak resmileri şu gün amerikan hem yrak güýçleriniň Falluja geçiren reýdinde azyndan 7 graždanyň we iki esgeriň öldürilendigini aýdýarlar.

Anwar welaýat polisiýasynyň başlygy, general maýor Baha Husseýin al-Karkiniň aýtmagyna görä, terrorçylaryň jaýlaryna geçirilen reýd mahalynda goşunlar bilen terrorçylaryň arasynda atyşyk turupdyr. Şol atyşyk netijesinde graždan adamlaryň 7-si ölüp, 4-si ýaralanypdyr. Şeýle-de bu çaknyşykda iki sany yrak esgeri ölüpdir.

Başga bir habara görä, şu gün Mosul şäheriniň golaýynda partlan bomba awtobusy iki bölüp, yrak esgerleriniň 9-syny öldüripdir.
XS
SM
MD
LG