Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek hukukçysy Gyrgyzystanda ömürlik tussag edildi


Tanymal özbek hukuk goraýjysy gyrgyz polisiýa işgäriniň öldürilmegine gatnaşygy üçin ömürlik tussag edildi. Azimjan Askarow we ýene ýedi özbek maý aýynda etniki özbekler bilen gygyzlaryň arasynda bolan çaknyşyklar mahalynda Myktybek Suleýmanowy öldürmekde günäli tapyldy.

Sud edilenler soňky söz berlende özleriniň bigünädiklerini aýtdylar.

Askarow bilen bile sud edilenleriň dördüsine emläklerini almak bilen ömürlik ýyl kesildi, iki adama 20 ýyldan, bir adama bolsa 9 ýyl iş kesildi.

Gyrgyz ombudsmany Tursunbek Akun bu hökümiň syýasy äheňlidigini, öz edarasynyň alternatiw derňew geçirendigini we Suleýmanowyň ölüminde Askarowyň günäsiniň ýokdugyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG