Adamçylykda dertlemän hem bolanok. Her hili näsagçylyklar ýüze çykyp dur. Lukman gözegçiliginden geçip, gerekli dermanlary ýazdyryp alýan näsaglar döwlet dermanhanalaryna derman sorap jaň edýärler. Ýöne Türkmenistanda hiç wagt agyr kesellere gerekli, zerur dermanlary döwlet dermanhanalaryndan tapyp bolmaýar. Haýsy dermany sorasaň, olardan diňe: «Ýok» diýen jogaby alýarsyň. «Ýok, ýok, ýok»… Dermanhananyň işgärleri yzygiderli şu sözleri gaýtalaýarlar.
Döwlet dermanhanalaryndan möhümi bitmedik adamlar bialaç ýagdaýda kommersiýa apteklerine ýüz tutmaly bolýarlar. Gereklenýän dermanlary kommersiýa dermanhanalaryndan köplenç ýagdaýda tapyp bolýar. Ýöne kommersiýa dermanhanalaryndaky dermanlaryň bahasy döwlet apteklerindäki dermanlardan on essä golaý gymmat. Näsaga em edilerini isleýän bolsaň, her edip-hesip edip, gymmat dermanlardan hem almaly bolýar.
Döwlet dermanhanalarynda esasan Türkmenistanyň «Ajanta farm» hindi kärhanasy bilen öndürýän, ýeňil-ýelpaý dertler üçin niýetlenen dermanlary bolýar.
Daýzalarda “ýok” ýok
Aşgabadyň «Mir bazar» atlandyrylýan bazarynyň gapdalynda köçede durup derman satýan daýzalardan islendik dermany tapyp bolýar. Ýöne olaryň satýan dermanlarynyň-da bahasy örän gymmat. Döwlet dermanhanalarynyň satýan dermanlarynyň bahasyndan bäş-on esse gymmat.
Köçede derman satýan daýzalara käte polisiýa işgärleri haýbat atanam bolýar. Ýöne, göräýmäge, olar polisiýa işgärlerinden gorkmaýana meňzeýär. Olaryň hersi bir jaýyň girelgesiniň agzynda durup, polisiýa işgärleri bilen sanaşýarlar. Polisiýa işgärleri köçede derman satýanlaryň köpüsiniň adyny bilýär. Käte olara şu sapar hökman äkidip, 15 sutka iberjegini aýdyp, pişik haýbatyny atýar.
Derman satyjy daýzalar, gelin-gyzlar ähli dermanlaryň atlaryny bilýärler. Olar hut dermanhananyň işgäri ýaly. Gerekli dermany derrew tapyp berýärler. Derman satýan ýerlerinde termoslyja çaýjagaz, kofejik içýärler, käte nahar iýýärler. Polisiýa işgärleri kä günler olara hiç zat diýmän gidýär.
Döwletde bolmaýan dermanlar daýzalarda
Bu daýzalar kim, olar satýan dermanlaryny nireden alýarlar, bu bize mälim däl. Eger olar şahsy firmalaryň getirýän dermanlaryny satýan bolsalar, polisiýa işgärleri olary kowalamazdy, derman satyjylaryň hat-petegi bolardy, tertip boýunça olar dermanlaryny dükanjyklarda satardylar. Olarda Orsýetiň öndüren dermanlary-da bar, Ýewropanyň beýleki döwletlerinden gelen dermanlar-da. Döwlet apteklerinden hem-de kommersiýa apteklerinden tapyp bolmaýan dermanlary köçede derman satýan daýzalardan tapyp bolýar. Olaryň satýan dermanlarynyň ulanylyş möhleti hem mydama täze. Ýa-da olara döwlet apteklerinde satmak üçin getirilýän dermanlar berilýär?! Anyk bilmän, belli bir zat aýdyp bolmaýar.
Döwlet şu zatlary tertibe salsa gowy boljak. Hatda kommersiýa apteklerinde hem dermanlar aşa gymmat satylýar. Şol zatlara-da gözegçilik etmeli. Aslynda kommersiýa dermanhanalary babatda berk gözegçilik ýola goýulsa maksada laýyk bolardy. Sebäbi döwlet dermanhanalaryna getirilýän dermanlaryň hem kommersiýa dermanhanalarynyň üsti bilen satylyp bilinmegi mümkin. Hatda şeýle edilýändigi hakda maglumatlar hem bar.
Halkyň aglaba bölegi işsiz. Aglaba bölegi örän ujypsyz aýlykly işde işleýär. Şeýle ýagdaýda derman meselesinde döwlet tarapyndan gözegçilik güýçlense, dermanlaryň bahasy halka elýeterli bahadan döwlet dermanhanalarynda tapdyrsa gowy bolardy.
Serdar Gulgeldiýew aşgabatly synçynyň edebi lakamy. Bu blogda öňe sürlen pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli.