Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan: Orsýetiň bazasynyň kärende tölegi artdyrylar


Şu gün Gyrgyzystanyň goranmak ministri Abibulla Kudaýberdiýew bu ýurduň territoriýasynda Orsýet özüniň harby bazasyny ulanmak möhletini uzaltmakçy bolsa, ozalky kärende töleginiň has ýokarlandyryljakdygyny aýtdy.

Häzirki wagt Orsýet Gyrgyzystanyň territoriýasynda jemi dört sany harby bazany kärendesine ulanýar. Olaryň hatarynda Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň missiýasy esasynda onuň ulanýan harby bazasy-da bar.

Gyrgyzystanyň goranmak ministri Abibulla Kudaýberdiýew şu gün Bişkekde geçirilen metbugat konferensiýada bu barada eden çykyşynda Orsýetiň goşunlarynyň ulanýan harby bazalary üçin kärende tölegleriniň 2-3 esse ýokarlandyryljakdygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG