Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Londonda bir pakistanlynyň janyna kast edildi


Londonda bir pakistanlynyň janyna kast edildi. Ýerli metbugatyň ýazmagyna görä, ol Pakistanyň syýasy hereketleriniň liderlerinden biri bolmaly.

Imran Faruk Karaçi hem Sind welaýatynda talyplaryň täsiriniň artýandygyny tankyt edipdir.

Imran Farugyň 1992-nji ýyldan bäri Londonda ýaşaýandygy aýdylýar hem ol Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan gözlenýän eken.

Köp ýerinden pyçaklanan 50 ýaşly pakistanly geçen agşam öz öýünden öli tapyldy. Polisiýa bu iş boýunça barlag geçirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG