Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýada möhüm maslahat geçiriler


Demirgazyk Koreýany dollandyrýan Zähmet partiýasy 28-nji sentýabrda ýurduň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň geçiriljekdigini yglan etdi.

Maslahatda möhüm kadrlar çalşygynyň bolmagyna garaşylýar. Bu barada 21-nji sentýabrda Demirgazyk Koreýanyň habarlar gullugy maglumat ýaýratdy.

Demirgazyk Koreýanyň Zähmet partiýasynyň doly düzüminiň gatnaşmagyndaky maslahatlar bu ýurtda gaty seýrek geçirilýär.

1980-nji ýylda geçirilen şuňa meňzeş ýygnakda ýurduň öňki ýolbaşçysy Kim Ir Sen öz ogly, Demirgazyk Koreýanyň häzirki ýolbaşçysy Kim Çen Iri öz mirasdüşeri diýip, yglan edipdi.

Günbataryň we Günorta Koreýanyň metbugatynda berlen maglumatlara görä, şu gezekki ýygnakda hem Kim Çen Iriň öz ogly Kim Çen Uny mirasdüşer diýip yglan etmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG